2025-nji ýylyň 4-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi. Foruma Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy we onuň wekilleri gatnaşdy.
Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlugy berkitmegiň, umumy abadançylygyň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm şerti bolup çykyş edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň öňe sürýän parlament diplomatiýasy häzirki wagtda parahatçylygyň, hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň netijeli guraly bolmalydyr.
Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli halk parlamentarizminiň düýp mazmuny we häsiýeti barada aýdylanda, möhüm, ykbal çözüji çözgütleri kabul etmek üçin iň mynasyp, parasatly, döwleti dolandyrmakda tejribesi bolan, jogapkärli, öňdengörüji adamlary saýlamagyň halkymyzda asyrlaryň dowamynda ýörelge bolup gelýändigini bellemeli. Halk wekilçiliginiň öňden gelýän baý mirasyna daýanyp, ýurdumyzda häzirki zaman şertlerinde bu tejribäniň dowam etdirilmegi üpjün edilýär. Häzirki wagtda Mejlis häkimiýetiň diňe bir kanun çykaryjy şahasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, asyrlaryň dowamynda synagdan geçen taryhy däpleriň hem mynasyp dowam etdirijisidir. Onuň netijeli işi döwlet gurluşynyň berkararlygynyň, syýasy ulgamyň kämilleşdirilmeginiň, sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy sütünleriniň biri bolup durýar.

Soňky döwürde milli parlamentiň alyp barýan işi hil taýdan täze derejä çykaryldy. Kanun çykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek bilen bir hatarda, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy berkitmäge, özara düşünişmäge, dürli milletden bolan adamlaryň arasynda deňhukuklylyga hem-de hormata esaslanýan dialogy ýola goýmaga, medeniýetleriň arasynda aragatnaşyk köprülerini gurmaga gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge-de uly ähmiýet berilýär. Parahatçylyk döredijilikli strategiýa laýyklykda, dostlukly ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlygyň iş gurallaryny işläp düzmek we kämilleşdirmek ileri tutulýan ugur hökmünde kesgitlenendir. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisiniň alyp barýan işi dürli ugurlardaky, şol sanda Birleşen Milletler Guramasy, Parlamentara Birleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara institutlar bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri öz içine alýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň üýtgewsiz garaýyşlary ýurtlaryň we halklaryň arasynda deňhukukly, özara hormata esaslanýan gatnaşyklary ýola goýmakda dünýä giňişliginde BMG-niň eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermekde jemlenýär. Şu nukdaýnazardan, dünýäniň birnäçe döwletleriniň parlament ýolbaşçylarynyň, ugurdaş halkara we sebit guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçirilýän köptaraply duşuşyk ägirt uly ähmiýete eýe boldy. Sebäbi Türkmenistan dürli syýasy ulgamly we garaýyşly ýurtlaryň açyk, netijeli gepleşikleri geçirip biljek ählumumy parlament meýdançasy bolup çykyş edýär. Garaşylyşy ýaly, parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygynyň dowamynda häzirki zaman parlamentarizmini ösdürmek barada pikir alyşmalar geçirildi. Olarda halklaryň we döwletleriň, olaryň ykdysady, durmuş-medeni ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de bilelikde işleşmek üçin anyk ugurlar kesgitlenildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän, Watanymyzyň okgunly ösüşini üpjün etmäge, Türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatymyzyň üstünliklere beslenýändigine aýdyň göz ýetirýärler. Umuman, parlament ýolbaşçylarynyň Awaza duşuşygy parlamentara hyzmatdaşlygyň bu görnüşiniň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, onuň ösüşiniň geriminiň giňdigini we dürlülige baýdygyny görkezmäge gönükdirilendir. Mundan başga-da, bu forum kanun çykaryjylygyň iň gowy tejribelerini we parlament işiniň usullaryny alyşmakda abraýly meýdançalaryň biri bolýar.