logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AWAZA - SYÝAHATÇYLYGYŇ MERJENI

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi «Awaza - syýahatçylygyň merjeni» atly kitap sergisini gurnady.

Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri, şeýle-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we Awaza milli syýahatçylyk zolagy barada edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy ýurdumyzyň iň gözel ýerleriniň biridir. Awaza üýtgeşik tebigaty, jana melhem howasy bilen gadymy döwürlerden adamlaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Bu ýerde syýahatçylyk zolagynyň döredilmegi bolsa, ähli gözellikleri özünde jemleýän sagaldyş-dynç alyş merkezlerini gurmaga mümkinçilik berdi. Deňziň jana şypaly kenarynda göze ýakymly kaşaň myhmanhanalar, çagalar dynç alyş merkezleri, interaktiw suw çüwdürimleri, ajaýyp seýilgähler guruldy, täsin köprüleri bolan derýa peýda boldy. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň emeli derýasy ýaşyl zolak bolup, Awazanyň seýilgähleriniň içinden geçýär. Onuň kenarlarynda onlarça myhmanhanalar, kafe, açyk bassyrmaly restoranlar, söwda nokatlary ýerleşýär. Emeli derýanyň kenarynda uly bolmadyk katerleriň, gämileriň daýanmaklary üçin ýörite duralgalar enjamlaşdyryldy. Bu bolsa häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ösüşini dünýä äşgär etmek üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Sergä gatnaşanlar bagtyýar zamanamyzy peşgeş beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.