logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AWAZADA BMG-niň DEŇZE ÇYKALGASY BOLMADYK ÖSÜP BARÝAN ÝURTLAR BOÝUNÇA ÜÇÜNJI MASLAHATYNA TAÝÝARLYK GÖRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli bu ugurda ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Hökümet agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyz maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda bu iri halkara çärä taýýarlyk görmegiň çäklerinde ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan degişli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.

Bellenilişi ýaly, 2025-nji ýylyň«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň yzygiderli mejlislerinde agzalan halkara maslahata degişli soraglaryň hem giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň şu ýylyň 11-nji aprelinde geçirilen 63-nji plenar mejlisinde bu maslahatyň ýurdumyzda geçirilmegi bilen bagly degişli Kararnamanyň kabul edilendigini we dünýäniň 57 döwletiniň şol resminamanyň awtordaşy hökmünde çykyş edendigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 4-nji iýulynda hormatly Prezidentimiziň«Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmek hakynda» Karara gol çekendigi we onda bu maslahaty hem-de onuň çäklerindäki ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegiň bellenilendigini aýtdy. Şeýle hem Karary ýerine ýetirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçirmek babatda ylalaşmalar hakynda Ylalaşygyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylandygy we bu resminama Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilendigi bellenildi.