logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

AWAZADA BMG-NIŇ FORUMYNYŇ ÇÄKLERINDE DOSTLUKLY DÖWLETLERIŇ MILLI GÜNLERINIŇ AÇYLYŞ DABARASY

2025-nji ýylyň awgust aýynyň 5-niň ikinji ýarym güninde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky teatrlaşdyrylan interaktiw deňiz suw çüwdürimler toplumynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde dostlukly ýurtlaryň milli günleriniň açylyş dabarasy hem-de konserti boldy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň ýokary derejeli wekiliýet ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Dostlukly ýurtlaryň medeniýetleri özboluşly aýratynlyklara eýe bolmak bilen, olary taryhyň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Häzirki döwürde bu ýurtlar baý medeni mirasyny gorap saklamak hem-de wagyz etmek ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýärler. Şol bir wagtyň özünde, olaryň häzirki zaman sungatynda, kinosynda, aýdym-sazynda we edebiýatynda uly ösüşler gazanylýar. Munuň özi bu ýurtlaryň dünýäniň medeni ulgamyna işjeň goşulyşýandygyny aýdyň görkezýär. Şu günki dabara bu doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, olaryň halklarynyň taryhy, baý medeni mirasy bilen tanyşmaga gönükdirilen, medeni diplomatiýany ösdürmek üçin netijeli meýdança öwrüldi. Hazar deňziniň kenarynda deňziň özboluşlylygyny wasp edýän edebi-sazly teatrlaşdyrylan çykyş görkezildi.