12-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.
Mälim bolşy ýaly, 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýa güýje girdi. Bu resminama kenarýaka ýurtlaryň bäşisiniň wekilleri tarapyndan Tähranda 2003-nji ýylyň 4-nji noýabrynda gol çekilipdi. Tähran konwensiýasy diňe bir Hazaryň daşky gurşawyny mümkin bolan hapalanma çeşmelerinden goramak bilen çäklenmän, eýsem, onuň deňiz gurşawyny aýawly saklamaga, dikeltmäge, gorap saklamaga hem gönükdirilendir. Öňde goýlan wezipeler tebigaty goramagyň ykrar edilen halkara ýörelgeleriniň birnäçesine, hususan-da, Hazar deňziniň biologik baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawa ýetirilýän täsirlere baha bermäge, oňa gözegçilik etmäge esaslanýar. Bu maksatlara ýetmek üçin Hazarýaka döwletleriň özbaşdak ýada bilelikde ähli zerur çäreleri görmegi we halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmegi zerurdyr.
Hazar deňziniň gününi bellemek hakyndaky çözgüt 2007-nji ýylyň maýynda Baku şäherinde geçirilen Tähran konwensiýasynyň birinji maslahatynda Hazarýaka ýurtlar (Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Eýran Yslam Respublikasy, Gazagystan Respublikasy we Türkmenistan) tarapyndan kabul edildi.
Hazar deňzi bilen bagly meseleler türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan binýady goýlup, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistan Hazar meseleleri boýunça dialogyň işjeň gatnaşyjysy bolup, ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde Hazaryň deňiz gurşawyny gorap saklamaga gönükdirilen netijeli gatnaşyklary çuňlaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Hazar deňzi dünýädäki umman gelip çykyşly iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli öz ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik, haýwanat dünýäsini saklap galypdyr. Hazaryň ösümlik, haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemik bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär. Ol ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, şol sanda Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen seýrek duş gelýän we diňe şu ýere mahsus bolan köp sanly görnüşleriň ösýän, ýaşaýan künjegidir.
Ýurdumyzyň döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň binýadynda Hazarýaka sebitde ýaşaýan halklaryň, şol sanda dünýädäki ähli halklaryň abadançylygynyň hatyrasyna gönükdirilen, has anygy, täsin suw giňişliginiň baýlyklaryny aýawly saklamak we artdyrmak, deňziň düýbünde ýerleşýän mineral, uglewodorod serişdeleri rejeli peýdalanmak, daşky gurşawyň abadançylygyna aýawly çemeleşmek maksatlary durýar. Dünýäniň täsin tebigy «merjeniniň» şanyna guralan şu gezekki dabaralar hem Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň nobatdaky aýdyň beýany boldy.