logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Awtomobil ýollarynyň gurluşygy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Awtomobil ýollarynyň gurluşygy” ady bilen sergi gurnady.

Bu kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri ýerleşdirildi. Mundan başga-da awtomobil ýollarynyň gurluşygy bilen bagly edebiýatlar ýerleşdirildi. Awtomobil ýollarynyň gurluşygy-bu diňe bir asfaltdan we betondan ybarat bolman, eýsem gaty çylşyrymly inženerçilik we tehnologik prosesdir. Ýoluň uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etmegi, howpsyz bolmagy we uly ýüklere çydamlylygy üçin gurluşyk berk tertipde, tapgyrlaýyn alnyp barylýanlygy barada gürrüň berildi. Sergini görmäge gelen okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň içinde getirilen gyzyldan- gymmatly maglumatlary okap, özlerine gerekli maglumatlary alyp, birek-birek bilen sorag-jogap alyşdylar. Şu bagtyýar durmuşy peşgeş beren türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.