logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«AÝDYM-SAZ SUNGATYNDA DAŞARY ÝURT DILLERINIŇ ÄHMIÝETI» ATLY YLMY-USULY MASLAHAT

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň iňlis dili mugallymlarynyň guramagynda “2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp “Aýdym-saz sungatynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti” atly ylmy-usuly maslahat geçirildi.

Çäräni kafedranyň müdiri Aýnazarowa Gözel giriş sözi bilen başlady. Ol çykyşynda maslahatyň ähmiýetine ünsi çekip, daşary ýurt dillerini öwrenmegiň häzirki zaman sungat işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyndaky möhüm ornuny belledi.

Maslahata Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň şeýle hem onuň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda dürli hünärdäki talyp ýaşlarymyz türkmen, rus we iňlis dillerinde aýdym-saz sungatynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti barada giňişleýin çykyşlar edip öz tejribelerini paýlaşdylar. Çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, häzirki wagtda daşary ýurt dillerini bilmeklik, sungat işgärleriniň halkara sahnasynda çykyş etmäge, dürli ýurtlaryň aýdym-saz eserlerini özleşdirmäge, dünýä medeniýetiniň täsirini öwrenmäge we döredijilik hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy we “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň iňlis dili mugallymy Otuzowa Gülşirin ylmy-usuly maslahatlaryň ýaş zehinleriň hem-de sungat işgärleriniň halkara gatnaşyklaryny ösdürmekde, olaryň bilim derejesini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini nygtap çäräni jemledi.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.


Dünýägözel ALMOWOWA,

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Jemgyýeti öwreniş ylymlary” kafedrasynyň öwreniji mugallymy