logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«AÝDYM-SAZA BAGLANAN ÖMÜR» ADY BILEN MEŞHUR MUKAMÇY BAGŞY AMANGELDI GÖNÜBEK ORAZALY OGLUNYŇ DOGLAN GÜNÜNIŇ 195 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN SÖHBETDEŞLIK

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen meşhur mukamçy bagşy Amangeldi Gönübek Orazaly oglunyň doglan gününiň 195 ýyllygyna bagyşlap, «Aýdym-saza baglanan ömür» ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda ussat mukamçy bagşynyň ömri we döredijiligi barada täsirli gürrüňler edildi. Häzirki wagtda ýurdumyzda medeniýetimizde we sungatymyzda yz goýýan halypalarymyza goýulýan hormat-sarpa barada hem aýratyn nygtaldy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda milli medeniýetimizi, sungatymyzy, nusgawy edebiýatymyzy ýaş nesillere has giňişleýin wagyz etmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.