logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Aýdym-sazly çäre

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 132-nji mekdebiniň bilelikde guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk baky bagtym, Watanym Türkmenistan» atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler, mähriban halkymyzyň Garaşsyzlyk baýramyna bagtyýarlygyň, berkararlygyň beýik baýramy hökmünde aýratyn sarpa goýýandygyny, Garaşsyzlygyň ýurdumyzy taryhy özgerişlere besläp, parahatçylyk söýüji agzybir halkymyzy ajaýyp döwre, bagtyýar durmuşa ýetirendigi barada bellediler. Şeýle hem, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň bellenilýän ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde parahatçylygyň, ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Watanymyzyň dünýä ýaň salýan beýik şan-şöhratynyň, halkara abraýynyň artýandygyna şaýatlyk edýän wakalaryň halkymyzy beýik üstünliklere ruhlandyrýandygy barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda döredijilik işgärleriniň täsirli çykyşlary, okap beren goşgulary, mekdep okuwçylarynyň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary, çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, il-ýurt bähbitli beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.