“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň irginsiz aladalary bilen ýurdumyzyň her bir güni şanly senelere, toýdur baýramlara beslenýär. Aýdym-sazyň ojagy bolan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda talyp ýaşlar aýdym-saz sungatynyň inçe syrlaryny ele alýarlar. Okuwdan daşary olar dürli döredijilik işleri bilen meşgullanýarlar. Ýaş talyplaryň arasynda döredijilik toparynyň döredilmegi muňa aýdyň mysaldyr. Bu toparyň agzalary işjeň, zehinli we göreldeli talyplardyr. Şol toparyň agzalarynyň gurnamagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşyklary, zehin bäsleşikleri geçirilýär. “Halk sazy” fakultetiniň 2-nji ýyl talyby döredijilik toparynyň agzasy Sahydursun Mätiýewanyň gurnamagynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewanyñ gatnaşmagynda aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Şular ýaly duşuşygyň gurnalmagy biz talyplaryň diňe bir aýdym-saz bilen çäklenmän, eýsem döredijilik bilen meşgullanýanymyzyň aýdyň mysalydyr.
“Her gülüň öz ysy bar” diýlişi ýaly, sungat äleminde-de her kimiň öz ýoly, öz dünýäsi bar. Sungat diýlen ajaýyp mukaddeslige her kimiň öz garaýşy, öz çemeleşişi bolýar. Mylaýym sesi bilen diňleýjileri özüne maýyl eden hoş owazly, teatr ussady Türkmenistanyň halk artisti Halbike Dowyýewanyň bitiren hyzmatlary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Halbike Dowyýewa Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda (öňki Garrygalada) dünýä inýär. Bu toprak köp sanly meşhur bagşylaryň we sazandalaryň mekany bolup, onuň geljekki hünäriniň kemala gelmegine uly täsir edýär. Ol başlangyç bilimini oba mekdebinde soňra, Türkmen döwlet medeniýet institutynda ýokary bilim alýar. Halbike Dowyýewanyň aýtmagyna görä: “Ejemjan hüwdüni şeýle bir labyzly aýdardy welin, oňa maýyl bolup özümem hiňlenerdim” diýip belläp geçdi. Ol diňe bir sahna ussady bolman, eýsem ýaş nesillere aýdym aýtmagyň inçeliklerini öwredýän mugallym hökmünde-de tanalýar.
Duşuşygyñ dowamynda Halbike Dowyýewanyñ ýerine ýetirmeginde “Saýatly Hemra” dessanyndan “Balsaýat”, “Käkilik”, we “Zöhre-Tahyr” dessanyndan “Ýar gara gözli” halk aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi we dabara mynasyp şowhun goşdy. Soñra talyp ýaşlaryñ gyzykly soraglary hem-de gyzgyn el çarpyşmalar bilen gyzykly duşuşyk jemlendi. Bu döredijilik duşuşygy her bir tomaşaçyda we talyp ýaşlarda ýatdan çykmajak pursadyñ biri boldy.
Medeniýetiň we sungatyň hak howandary, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Miýesser ULJAÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyñ «Sazşynaslyk» hünäriniñ III ýyl talyby.