Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy hem-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz hem Bitarap tarypy ajap dessan, bedew batly at – myradyň mekany Türkmenistan” atly aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede häzirki ajaýyp döwrümizde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde beýik işler durmuşa geçirilýändigini, gazanylan hem gazanylýan üstünlikler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüne aýratyn röwşen nuruny çaýyp, agzybir halkymyzyň şu gününe buýsanjyny, ýagty ertirimize ynamyny artdyrýandygy hakynda çykyş etdiler. Şeýle-de halkymyzda “At agynan ýerde toý bolar” diýen pähim bolşy ýaly behişdi bedewler ösüşiň, öňe ymtylyşyň, toý-baýramlaryň buşlugy hasaplanýandygy hem-de ahalteke bedewlerimize goýulýan buýsanç, hormat barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar çäräniň täsirini has-da artdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.