logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

AÝDYM-SAZYŇ ŞÄHERI Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aýdym-sazyň şäheri» atly söhbetdeşlik

Türkmenistanyñ Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda paýtagtymyzyň ýöriteleşdirilen «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli «Aýdym-sazyň şäheri» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmenleri ýaşajyk okyjylarymyz bilen gözel paýtagtymyzyň taryhy, şu günki gözel keşbi barada täsirli gürrüňler etdiler. Şeýle-de paýtagtymyza bagyşlanan ajaýyp aýdym-sazlar barada täsirli gürrüňler edildi. Okuwçylar merjen şäherimiz Aşgabady wasp edýän goşgulary labyzly aýdyp berdiler. Gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň «Ak şäherim Aşgabat» atly kitaby hem-de paýtagtymyzyň gözelligini wasp edýän dürli kitaplar ýerleşdirildi. Körpeje okyjylarymyz ol kitaplary uly höwes bilen okadylar. Şeýle-de paýtagtymyzyň owadan binalaryny, desgalaryny özünde jemleýän, okuwçylaryň eli bilen ýasan şekiljikleri, çeken suratlary sergide ýerleşdirildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.