12-nji maýda Arkadag şäherinde “Arkadag” futbol toparynyň Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çagyryş ligasynyň çempiony bolmagynyň hormatyna dabaraly çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli sportumyzyň, şol sanda täze şäheriň futbol toparynyň dünýä derejesine çykarylýandygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Dabara Arkadag şäheriniň «Akhan» binasynyň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar bilen başlandy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň “Arkadag” futbol toparynyň gazanan taryhy ýeňşi mynasybetli ýerine ýetiren aýdym-sazlary, joşgunly tanslar dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Halkara derejede ýeňiş gazanyp, türkmen sportunyň abraýyny belende göteren futbolçylar Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny parladyp, mynasyp bolan Kubogyny we “Arkadag” futbol toparynyň tapawutlanandygyny alamatlandyrýan baýraklary göterip, dabaranyň başlanýan ýerine geldiler. Mälim bolşy ýaly, “Arkadag” topary AFK-nyň Çagyryş ligasynyň Kambojada geçirilen final ýaryşynyň ýeňijisi bolup, janköýerlerini begendirdi. “Çagyryş ligasynyň çempiony” diýen derejä mynasyp bolmagy bu toparyň türgenleriniň öňünde goýlan belent maksatlaryň amal bolýandygyny aňladýar.
Toparyň türgenleri Akhan, Aba Annaýew hem-de Kärizek şaýollarynyň ugry bilen Arkadag şäheriniň 10 müň orunlyk stadionyna tarap ugradylar. Ýol ugrunda ajaýyp ýeňiş gazanyp, tutuş halkymyzy begendiren futbolçylary Arkadag şäheriniň köp sanly ýaşaýjylary, janköýerler şatlyk-şowhun bilen garşyladylar. Köpetdagyň ajaýyp künjeginde Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan täze şäheriň nurana ýollarynyň ugrunda belentden ýaňlanýan aýdym-sazlar, türgenleriň görkezme çykyşlary “Arkadag” toparynyň taryhy ýeňşiniň waspyny ýetirdi.
Milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesini özünde jemleýän, sebitde ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheri Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan sazlaşykly ösüşiniň aýdyň nyşanydyr. Şäheriň durnukly ösüş, ekologik taýdan arassalygy, innowasion çözgütleri üçin köp sanly halkara güwänamalara we baýraklara mynasyp bolmagy bu ýerde iri şähergurluşyk taslamasynyň ýokary derejede durmuşa geçirilendigini görkezýär. Ýeri gelende aýtsak, şu ýylyň başynda Milli Liderimiziň tagallasy bilen esaslandyrylan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda ajaýyp ýeňiş gazanyp, festiwalyň Altyn baýragyna hem-de beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň taryhy ähmiýetli şanly wakalara, beýik ýeňişlere beslenýändiginiň beýanydyr.
“Arkadag” futbol toparynyň türgenleri 10 müň orunlyk stadionyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Ajaýyp ýeňiş gazanyp, halkymyzyň şatlygyna şatlyk goşan futbolçylara türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerine laýyklykda, duz-çörek hödür edildi. Il sylagly ýaşulular, mähriban eneler, ýaş türgenler futbolçylara ak ýol arzuw etdiler. Olaryň gazanan ýeňşi ýaş türgenler üçin nusgalyk göreldedir.
«Türkmenistan» gazeti