logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGŞY DESSAN AÝDANDA

«Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň çäginde, 27-nji martda günüň birinji ýarymynda festiwala gatnaşyjylar Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler. Daşoguz şäherindäki Bagşylar muzeýine aýlandylar.

Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert geçirildi. Konserte ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen dessançy bagşylar, alymlar, şeýle hem, medeniýet-sungat işgärleri gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda welaýatlardan gatnaşýan dessançy bagşylar gymmatly mirasymyzyň ajaýyp nusgalary bolan türkmen dessanlaryndan uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Bu konsert ýurdumyzda dessançylyk sungatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Konsert ýurdumyzyň birleşen dessançy bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde «Bedew batly at-myradyň mekany» atly aýdym bilen jemlendi.

Ogultäç HOJANAZAROWA,

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň başlygynyň orunbasary