logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGT KANUNYM–BAKY BAGTYM, ÝAŞYL BAÝDAK TÄJI-TAGTYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Bagt kanunym–baky bagtym, Ýaşyl baýdak täji-tagtym» ady bilen wagyz–nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler bütin dünýäde belentde we buýsançly parlaýan türkmen baýdagy, Türkmenistanyň halkara abraýynyň örän ýokarydygyna şaýatlyk edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy has üýtgeşik taryhy öwüşgüne eýe bolýandygyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasy we baýdak baýramy milletimiziň mertebesi, sarpasy, buýsanjy, döwletimiziň kuwwaty, taryhy we şu güni hem-de geljegini şöhlelendirýändigi barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.