Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Aşgabat şäheriniň 83-nji orta mekdebinde “Bagt paýlap gelýän bahar” atly kitap sergisini gurnady.
Bu göçme kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Halkara Nowruz baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe güneşli Diýarymyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip geçilýän milli bayramlaryň biridir. Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde Nowruz-Täze ýyl baýramy höküminde ýaz paslynda, gije-gündiz deňleşýän wagty bellenilipdir. Şeýle hem bu baýram gündogar halklarynyň däp-dessurlaryny şöhlelendirýän, umumyadamzat gymmatlyklarynyň baýlaşmagyna, medeniýetleriň ösüşine täsirini ýetirip gelýär. Ruhy ahlak gözelligini, parahatçylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri dabaralandyrýan ajaýyp baýramdyr. Nowruz baýramy hakykatdan hem adamlaryň päkize kalp bilen öýlerde semeni bişirip birek-biregi tüýs ýürekden gutlaýan günüdir. Bu baýram halkyň arasynda özara düşünşmäge, birek-birege hormat goýmaga we agzybirligi berkitmäge ýardam berýär. Şu jähetden hem, Halkara Nowruz baýramyny halkymyz ýakyn goňşylary bilen hoşniýetli gatnaşmak, parahatçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek baradaky asylly däpleri mynasyp dowam edip, agzybirlikde we jebislikde garşy alýarlar.
Sergä gatnaşyjy mekdep okuwçylar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.