logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTDAN PAÝLY EZIZ DIÝARYM

Lebap welaýat kitaphanasy, S.Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk instituty bilen bilelikde Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli «Bagtdan paýly eziz Diýarym» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Bu söhbetdeşlige institutyň mugallymlary, talyp ýaşlar we kitaphana işgäri gatnaşdylar. «Bitaraplyk belent maksatlara ruhlandyrýar» ady bilen guralan giňişleýin kitap sergisi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Çykyşlarda esasan Bitaraplygy baýdak edinip ynamly öňe barýan ýurdumyzda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler barada durulyp geçildi. Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakynda gol çeken Kararyna laýyklykda welaýat, etrap, şäher kitaphanalarynda işleriň alynyp barylyşy barada uly we täsirli gürrüňler edildi. Söhbetdeşligiň barşynda şeýle ajaýyplyklaryň sakasynda duran ylyma-bilime, kitaphana ulgamynyň ösmegine uly ýardam berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdylyp, janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.