Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ýaş nesle aýratyn üns berilýär. Olaryň ylymly-bilimli, giň dünýä garaýyşly, eziz Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edilýär.
Täze ýyl mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyndan saz gurallarynyň sowgat berilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar diňe bir bilim almak bilen çäklenmän, eýsem, olar okuwdan daşary öz gyzyklanýan ugurlary boýunça ýörite gurnaklara gatnaşýarlar. Şeýle-de Döwletliler köşgünde we Döwlet derejesinde geçirilýän bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Bu ýerdäki “Joşgun” tans toparynyň “Gulbaba” adyndaky çagalar baýragyna mynasyp bolmaklary aýratyn bellärliklidir.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary hem çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümlerini şatlykly hem manyly geçirmekleri üçin özleriniň goşandyny goşýarlar. Olar öz ugurlary boýunça aýdym-saz sungaty bilen gyzyklanýan çagalara dutar, dep, gitara, fortepiano, fleýta, klarnet, skripka, saz gurallaryny çalmaklygyň başlangyç mekdebini öwredip, özleriniň okuw tejribeligini şu ýerde geçýärler. Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalar özleriniň zehinliligi hem-de bilesigelijiligi bilen tapawutlanyp, her bir öwredilýän sapaklary höwes bilen öwrenýärler.
Täze ýyl mynasybetli Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara saz gurallaryň sowgat berilmegi çagalarda ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Olaryň ählisi özleri barada edilýän irginsiz aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyklaryny aýdýarlar.
Pursatdan peýdalanyp, biz ýaşlar üçin okamaga, öwrenmäge, öz ukyp başarnyklarymyzy açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sag bolsunlarymy aýdýaryn. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Aýläle Gulmuradowa
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby