logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYŇ BUŞLYKÇYSY TÄZE ÝYL

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň Türkmen halysynyň milli muzeýi, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Büzmeýin medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda Täze ýyl baýramy mynasybetli «Bagtyň buşlykçysy täze ýyl» ady bilen Türkmen halysynyň milli muzeýinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler her birimize buýsançly wakalardyr beýik ýeňişleri peşgeş beren 2025-nji ýylyň tamamlanyp barýan günlerinde halkymyz şan-şöhrata beslenjek 2026-njy ýyly garşy almaga taýýarlyk görüp, ak şähermiz Aşgabat häzirki wagtda bezelen Täze ýyl arçalary, ertekileriň gahrymanlarynyň şekilleri, seýilgählerdäki we ýollardaky dürli öwüşginli çyralary bilen hemmeleri haýrana goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Täze ýyl maşgalanyň agzybirligi hem-de özboluşly däpleri, şagalaňy bilen gurşap alýandygy barada bellediler. Çäräniň dowamynda Büzmeýin medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdym-sazlar ýaňlandy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.