logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGTYÝAR BALALAR WATAN BUÝSANJY

Türkmenabat şäheriniň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalar Lebap welaýat kitaphanasynda gezelençde boldylar. Ýaş nesillerde kitaba bolan söýgüni döretmek maksady bilen kitaphananyň hünärmenleri ýörite kitap sergilerini guradylar. Kitaphana işgärleri döwrebap tekjelerde ýerleşdirilen halk ertekileriň gahrymanlary barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. Körpeler gezelenjiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýiti zehininden syzylyp çykan eserleriniň sergisine syn etdiler.