logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ÇAGALAŇ ÝURDY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalaň ýurdy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler çaga gülküsiniň eşdilýän ýerinde bagt hem, üstünlik hem bolýar, bagtyýarlygyň we agzybirligiň mesgenine öwrülen Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň gowy dynç almaklary üçin ähli şertleriň döredilendigi, döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen sport zallary, kompýuter we dynç alyş otaglary, kitaphanalar, ululy-kiçili howuzlar, sport meýdançalary, bu zatlar ýaş nesillerimiziň sporta, kitap okamaklyga bolan höwesini artmagyna uly mümkinçilik döredýändigi barada gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň üsti bilen dogruçyllygyň, paýhasyň hem edermenligiň dabaralanmasy, halallyk, ynsaplylyk, ýaly asylly sypatlaryň beýan edilýändigini çagalara gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda her bir günümizi şatlyga, bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.