logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGTYÝAR ÇAGALAR

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda «Bagtyýar çagalar» atly gürrüňdeşlik geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimiz baradaky edýän bimöçber aladalarynyň netijesinde çagalar üçin dürli maksatnamalaýyn çäreleriň guralmagy olaryň gözýetimini giňeltmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Çagalaryň öz ukyp-başarnyklaryny has-da ösdürmegi üçin birnäçe gurnaklar geçirilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri hem çagalaryň okuwdan daşary şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserlerini okap gürrüň berýärler. Şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag-jogap işini alyp barýarlar. Şeýle hem dürli reňkli kagyzlardan birnäçe zatlary ýasaýarlar.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň okamagy, öwrenmegi ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.