logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar çagalar ak ertirlerimiziň eýeleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleri ylymly-bilimli, hünärli edip ýetişdirmek, olaryň dünýä ylymlaryna çuňňur aralaşmagyna giň ýol açmak esasy üns merkezine öwrüldi. Türkmenistanda kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi Aşgabat şäherinde ýerleşýän 165-nji çagalar bagynda “Bagtyýar çagalar ak ertirlerimiziň eýeleri” ady bilen körpejeleriň arasynda sesli okaýyş çäresi, söhbetdeşlikler geçirildi we kitap sergisi gurnaldy.
Kitaphana işgärleri ýaş nesilleriň arasynda watansöýüjilik hakynda, terbiýe hakynda, kitaba bolan söýgi temasynda giňişleýin wagyz etdiler. Kitap sergisindäki ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni özüne çekdi. Guralan söhbetdeşligiň ahyrynda bizi şeýle ajaýyp durmuşda ýaşadýan Berkarar diýarymyzy jenneti mekana öwürýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleri uzak bolmagyny arzuw etdiler.