logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ÇAGALAR GELEJEGIŇ NURY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Bagtyýar çagalar gelejegiň nury» ady bilen Gökderedäki «Altyn sümmül» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda çagalar we ýaşlar üçin ähli şertleriň döredilýändigini, ýurdumyzda çagalaryň dynç almagy üçin çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada beýan etdiler. Bu ýerde ertekileri türkmen halk döredijiliginiň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ata-babalarymyzyň ertekileriň çaga terbiýesine çuňňur täsir etmäge ukybynyň bardygyny müňlerçe ýyl ozal akyl ýetirip, ony özleriniň ýaşaýyş-durmuş we edep-terbiýe mekdebine ymykly ornaşdyrandyklary, ertekilerde adalat, hakykat hemişe dabaralanyp, erbet häsiýetli gahrymanlaryň soňynyň şowsuzlyklara barýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda «Biz haýsy ertekileriň gahrymany» at bilen türkmen halk ertekilerinden, tapmaçalardan düzülen sowal-jogap bäsleşigi geçirilip, has-da çekeleşikli boldy we çagalarda uly täsir galdyrdy. Çäräniň ahyrynda arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda, geljegimiz bolan çagalar barada edýän aladalary üçin, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.