logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar çagalar geljegiň nury

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň Gökderedäki “Çynar” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň bilelikde gurnamagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Bagtyýar çagalar geljegiň nury” ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede çagalary goramagyň halkara gününiň giňden bellenilmeginde ösüp gelýän ýaş nesliň geljeginiň bagtyýar bolmagyna ýurdumyzyň gözel künjeklerinde rahat dynç alyp wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalaryň yhlasly okamaklary ylmy edebi döredijilik bilen meşgullanyp kämil we ösen şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň isleg arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.