logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGTYÝAR ÇAGALAR GELJEGIŇ NURY

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alyş günlerini gyzykly hem-de şadyýan geçirýän çagalaryň arasynda myhmançylykda bolup, olar bilen çagalar edebiýatyna degişli gyzykly kitaplar esasynda“ Bagtyýar çagalar geljegiň nury” atly söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda çagalaryň iň köp okaýan kitaplary, ertekileri boýunça sorag-jogap alşyldy, gyzykly gürrüňler edildi. Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan göçme kitap sergisi hem kitap söýüji ýaşlarda aýratyn täsir galdyrdy Söhbetdeşlige “Türkmenistan” teleýaýlymynyň döredijilik topary hem gatnaşdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda bagtyýar çagalaryň röwşen geljegi üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.