logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen 89-njy çagalar bagynyň bilelikde gurnamagynda «Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy» ady bilen çeper okaýyş geçirildi.

Çärede Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda geljegimiziň gül-gunçalary bolan çagalarymyz barada edilýän atalyk aladalaryň netijesinde, mähriban çagalaryň aladasyz, bagtyýar döwürde ýaşaýandyklary we okaýandyklary, olaryň berk bedenli, sagdyn, döwrebap, ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli, hemme taraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekileriniň gahrymanlarynyň häsiýetleriniň çaga terbiýesine uly täsir edýändigi barada bellediler we türkmen halk ertekileri kitabyndan labyzly okap berdiler.

Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg–arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.