logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda 2-nji “Bagtly nesil” çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar – köňülleriň buýsanjy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe rowaçlyklara beslenýän “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at – myradyň mekany” ýylymyzda eziz Diýarymyzyň her bir güni toý – baýramlara beslenýändigini, bagtyýar körpeleriň ajaýyp baýramy - Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerlerinde dürli çäreleriň guralýandygy, Watanymyzda ýaşlar, esasan hem ýaş nesiller babatda ägirt uly aladalaryň edilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalarymyzyň, rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly–bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep–terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda çagalaryň söýgüli ertekileri, tapmaçalary we matallary esasynda sowal-jogap bäsleşiginiň guralmagy çäräniň täsirini has-da artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalarymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik we dostluk ruhunda terbiýelenmegi babatda yzygiderli atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.