logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ÇAGALAR RÖWŞEN GELEJEGIMIZDIR !

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin DES-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki «Şöhle» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar çagalar röwşen gelegimizdir!» ady bilen medeni çäresi geçirildi.

Çärede Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň ruhy hem beden taýdan kämil bolmagy, Watanymyzyň geljekgi ösüşleriniň özenidigi, munuň özi ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirmek üçin çagalaryň ösüş ýolunda ähli şertleriň göz öňünde tutulandygy, olaryň boş wagtlaryny peýdaly we medeniýetli geçirmekleri bilen berk baglanyşykly işleriň alnyp barylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de ajaýyp günlerde bagtyýar çagalaryň aladasyny etmek, olaryň şadyýan durmuşyny üpjün etmek baş maksat bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Çäräniň dowamynda türkmen halk ertekileriniň birnäçesini okap berdiler we ertekileriň gahrymanlarynyň asylly häsiýetleri hakynda sorag-jogap alyşdylar.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalar hakynda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.