Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gypjak kitaphana şahamçasynyň guramagynda 164-nji çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar – röwşen geljegimizdir» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde sagdynlygyň we ruhubelentligiň, bagtyýar çagalaryň ýurdy hökmünde 1-nji iýun çagalary goramagyň halkara güniniň giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýändigi, çünki ýurduň bagtyýarlygy erteki günüň aýdyňlygy, ösüp gelýän ýaş nesiller hakyndaky aladalardan gözbaş alýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de bagtyýar çagalaryň ruhubelent, şadyýan gülki sesleriniň hemişe ýaňlanyp durmagy üçin, olary milli ruhda terbiýelemekde, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalaryň edilýändigi barada beýan etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda bagtyýar nesillerimiziň geljegi ugrunda atalyk aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözlerini aýtdylar.