logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ÇAGALAR-ÝAGTY ERTIRLERIŇ UMYDY

Balkan welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda Balkanabat şäherindäki 23-nji çagalar bagynda Halkara çagalary goramagyň güni mynasybetli «Bagtyýar çagalar ýagty ertirleriň umydy» atly ertirlik geçirildi.

Çärä kitaphana işgärleri, çagalar bagynyň çagalary, terbiýeçiler gatnaşdylar. Çärede çykyş eden kitaphana işgärleri, terbiýeçiler Watanymyzyň geljegi bolan eýjejik çagalarymyz çagalar bagynda öz öwrenen aýdymlarynda goşgularynda ajaýyp döwrümizi, watanymyzy wasp etdiler. Çäräniň dowamynda çagalara adamynyň gowy gylyk häsiýetleri bolan ynsanperwerlik, watansöýüjilik, edep-ekramlylyk, işeňňirlik, zähmetsöýerlik gylyklarynyň ýar bolmagyny arzuw edip Watanymyzy mundan beýläk uly üstünliklere ýetirjek ynsanlar bolup ýetişmeklerini arzuw etdiler.

Çärä gatnaşanlar şeýle şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny aýtdylar. Ýaş nesliň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!