logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

Bagtyýar çagalar - ýagty ertirleriň umydy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda 160-njy çagalar bagynda «Bagtyýar çagalar - ýagty ertirleriň umydy» ady bilen kitap sergisi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde halk döredijiliginiň bir görnüşi bolan ertekileriň ähmiýeti barada, ertekilerde haýwanlaryň keşpleriniň sadalygy, göwrüminiň gysgalygy we suratlar bilen bezelişi çagalar üçin has-da täsirli bolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de çagalara ýaş aýratynlyklaryna görä ertekili kitaplary okap bermek, onda bolup geçýän wakalary sada dilde düşündirmek, çaganyň terbiýesinde örän ähmiýetli bolup durýandygy barada beýan etdiler. Çäräniň dowamynda Watanymyzyň geljegi bolan eýjejik çagalarymyz çagalar bagynda öz öwrenen aýdymlarynda, goşgularynda ajaýyp döwrümizi, Watanymyzy wasp etdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän körpe nesliň okap, ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.