Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Altyn Ýyldyz” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş möwsüminde şadyýan dynç alýan çagalaryň arasynda “Bagtyýar çagalygyň sapaly günleri” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede ýurdumyzyň ähli künjeginden gelýän çagalar üçin sagaldyş we dynç alyş merkezleri gujagyny giňden açyp, tomusky dynç alyş möwsümini şadyýanlyga, ruhubelentlige besleýändigi hakynda gürrüň berdiler. Çagalar üçin niýetlenen oýun-dynç alyş merkezlerinde guralýan gezelençler, olarda uly gyzyklanma döredip, bilim-düşünjelerini artdyrýan çeper okaýyşlar, surat çekmek, döredijilik, zehin bäsleşikleriň yzygiderli gurnalmagy, çagalaryň kitap okamaga, hünär öwrenmäge, surat çekmäge, sport bilen meşgullanmaga bolan gyzyklanmalaryny, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda ähmiýetiniň örän uludygy barada bellediler.
Çäräniň ahyrynda gül-gülzarlyga beslenen merkezleriň salkyn saýaly, sapaly goýnunda dynç alýan bagtyýar çagalar ajaýyp döwrümize guwanyp Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.