logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ÇAGALYK WATANyMYZYŇ BUÝSANJYDYR

Ahal welaýat kitaphanasynyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlary bölüminiň gurnamagynda Ak bugdaý etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynda «Bagtyýar çagalyk Watanymyzyň buýsanjydyr» atly çeper okaýyş geçirildi. Çeper okaýyşyň dowamynda körpeleriň dil baýlygyny, hyýal güýjüni we çeper sözleýiş ukybyny ösdürýän türkmen halk ertekileri, çagalar üçin niýetlenen goşgulary çeper okaýyşyň üsti bilen aýdyp ýerine ýetirdiler.