logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň kärdeşler arkalaşygynyň, Arkadag teleýaýlymyň taýýarlamagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar dynç alyş sagaldyş merkezinde “Bagtyýar döwrüň bagtly çagalary” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Ýaş nesilleriň gelejegi üçin, olaryň bagtly, bagtyýar çagalyk geçirmekleri üçin taýsyz tagallalar edilýän ýurdumyzda çagalaryň päk arzuwlary myrat tapýar.

Biz kitaphanaçylar hem ýaş nesillerimizde kitaba bolan höwesi artdyrmak maksady bilen kitap sergileri gurnap, çagalar bilen ýakyn gatnaşykda bolýarys. Kitapdaky ertekileriň gahrymanlaryny, olaryň terbiýeçilik ähmiýetini giňişleýin düşündirýäris.

Biziň döwletimiz hakykatdanam, bagtly çagalaryň, ýaşlaryň ähli arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdy. Berk bedenli sagdyn ruhly ýaş nesliň aladasy döwlet syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun.