Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Bagtyýar durmuşyň bagtly gadamlary» atly brifing duşuşygyny geçirdi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli geçirilen bu duşuşygy «Aşgabat» teleýaýlymynyň alyp barmagynda. Bazar Amanow adyndaky döwlet Çagalar kitaphanasynyň bölüm müdiri Gülälek Garajaýewa, Büzmeýin etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Mähri Ataýewa, Köpetdag etrap Geneşiniň başlygy Nurmuhammet Döwletow dagylar duşuşykda çykyş etdiler. Duşuşykda Gurbanguly Berdimuhammedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy hem-de hormatly Prezidetimiziň «Merkezi Aziýa-Ýewropa bileleşigi» birinji sammitindäki täsirli çykyşynda «Türkmenistan medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge we giňeltmäge hem ygrarlydyr» diýen sözlerinden ugur alyndy.