logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR NESILDE ŞYPALY DYNÇ ALYŞ

Tomus pasly çagalar üçin iň gyzykly döwür. Bu döwürde çagalaryň her bir gününi şadyýan geçirmekleri üçin ýurdumyzda ähli amatlyklar döredilendir. Lebap welaýat çagalar kitaphanasy hem tomus paslynda çagalaryň boş wagtlary kitap bilen dostlaşmagy üçin welaýatymyzyň çagalar üçin niýetlenilen dynç alyş merkezlerinde yzygiderli göçme sergileri gurap, gyzykly çäreleri, bäsleşikleri, çeper okaýyşlary ýola goýýarlar. Ynha «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem kitaphana hünärmenleri çagalar üçin «Bagtyýar nesilde şypaly dynç alyş» atly tematiki agşamyny gurnadylar. Bu agşamda edilen gürrüňler çeper okaýyşlar, görkezilen gurjak sahnalary çagalarda uly şatlykly täsir galdyrdy. hem-de ýurdumyzyň Altyn asyr teleýaýlymyna ýazgy edildi.

Çäräniň dowamynda dynç alyş merkeziň körpeleri özleriniň şeýle ajaýyp durmuşda ýaşaýandyklaryna buýsanyp, Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň hoşallyk sözlerini beýan etdiler.