logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR NESILLER

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Köýtendag etrabynyň Gurşun-Magdan şäherçesindäki kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçylary şäherçede ýerleşýän 18-nji çagalar bagynda “Bagtyýar nesiller” ady bilen çagalar ertirligini geçirdiler. Körpeler bilen geçirilýän bu ertirlik olaryň sagdyn, belent ruhly ösüp kemala gelmeklerine, dünýägaraýyşlarynyň giňelmegine, ýaşlykdan kitaba bolan söýgüniň artmagyna öz täsirini ýetirýär. Şeýle-de “Güneşli iliň geljegi röwşen” diýen at bilen kitap sergisi hem guraldy. Çagalar sergi arkaly dürli ýyllarda çap edilen ertekiler bilen tanyşdylar. Bu bolsa güneşli Diýarymyzda bagtyýar çagalaryň rahat dynç alyp, okap, öwrenip, döredip, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn bedenli, edep-terbiýeli, Watana wepaly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Bagtyýar çagajyklar Watanymyza bolan ýürek joşgunlaryny goşgularyň üsti bilen wasp etdiler.