logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGTYÝAR NESILLER BIZIŇ GELJEGIMIZDIR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Arkadag” futbol toparynyň gazanan ýeňşiniň hormatyna “Bagtyýar nesiller biziň geljegimizdir” ady bilen hoşallyk dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler ”Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň” her bir güni, her bir täze säheri ajaýyp ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýär. Golaýda ähli halkymyzy buýsandyran we begendiren şatlykly wakalaryň biri bolup geçdi.Ol hem “Arkadag” futbol toparynyň abraýly halkara ýaryşda gazanan pul baýragyny Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahabat gaznasyna geçirmek hakynda haýyş bilen ýüz tutulmagy, şol günüň ertesi Milli Liderimiziň bu serişdäni Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirmek barada karara gelendigini aýtmagy sahawatlylygyň, belent ynsanperwerligiň,çagalar hakyndaky aladanyň aýdyň ýüze çykmasy hökmünde bu ýeňşiň gymmatyna gymmat goşdy diýip, uly buýsanç bilen nygtadylar.

Hoşallyk dabarasynyň ahyrynda çykyş edenler öz ynsanperwer syýasaty bilen geljekki ýaş nesillermiziň aladasyny edýän Milli Lidermiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag,ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.