logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR NESILLER–WATANYŇ GELJEGI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň guramagynda Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän Gökderedäki «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar nesiller–Watanyň geljegi » atly söhbetdeşlik geçirildi.

Güneşe baý tomus paslynyň gelmegi bilen bagtyýar çagalaryň şatlykly owazlary ýurdumyzyň tutuş giňişligine gaýtalanmajak gözellik çaýýar. Okuw möwsümini tamamlan çagalar gözel Gökdere jülgesindäki, «Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri» atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezine Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini şadyýan we wagtlaryny gyzykly geçirmeklerini guramak maksady bilen kitaphanamyzyň çuň manyly eserlerini bilen göçme kitap sergisi gurnadylar, şeýle hem bu ýerdäki çagalar bilen sorag–jogap işini alyp bardylar.

Çäräniň dowamynda kitaphanaçylar türkmen halk ertekileri bolan Hudaýberdi gorkak, Ýartygulak ýaly eserlerden okap berdiler. Bu bolsa çagalarda kitaba bolan höwesini hasda artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda bagtyýar çagalaryň medeniýetli dynç almagy ugrunda uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.