logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR NESILLER WATANYŇ GELJEGI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag teleýaýlym bilen bilelikde guramagynda «Bagtyýar nesiller Watanyň geljegi» atly gezelençli gürrüňdeşlik geçirildi.

Bagtyýar çagalyk-bu biziň ertirki güne ynamymyzdyr, geljege bolan batyrgaý garaýşymyzdyr we buýsanjymyzdyr. Halkyň ynamy döwletiň goldawy bilen has-da berkeýär, her bir adamy täze üstünliklere iterýän güýç hökmünde çykyş edýär. Baky Bitarap Türkmenistanyň çagalarynyň ýüzlerindäki bagtyýar ýylgyryşlar Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş raýatlaryň arzuwlarynyň hasyl bolmagyna, bagtyýar geljeginiň hemmetaraplaýyn üpjün edilmegine ähli mümkinçilikler döredilen. Bu nukdaýnazardan ugur alyp Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy, öwrenmegi, beýik şahsyýet bolup ýetişmegi ugurda kitaphanaçylar irginsiz zähmet çekýärler. Ine bu günki gün hem Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Arkadag şäheriniň 10-njy çagalar bakja bagynyň bagtyýar körpejeler gezelençe geldiler. Gezelençde çagalara kitabyň ähmiýeti dogrusynda hem-de kitaphananyň içiniň aýratynlyklary bilen giňişleýin gürrüň berdiler.

Gezelençiň ahyrynda ýurdumyzyň körpe raýatlary üçin ähli mümkinçilikleri döredip beren hem-de olaryň sagdyn, berk bedenli, kämil dünýägaraýyşly, döwrebap bilimli nesiller bolup ýetişmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde üns merkezinde saklaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözler aýdyldy.