logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR NESILLER ÝURDUMYZYŇ GELJEGI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik sungat mekdebi bilen bilelikde gurnamagynda «Bagtyýar nesiller ýurdumyzyň geljegi» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda milli bilim ulgamyny mundan beýläkde kämilleşdirmekde we ösdürmekde uly işler alnyp barylýar. Ýaş nesillerimiziň watansöýüji adam bolup ýetişmegi döwletimiziň baş aladasydyr. Ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, dünýä garaýyşlarynyň giňelmegi hünärli bolmagy hemme taraplaýyn ösen şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaňy ýakynda hem Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik sungat mekdebiniň zehinli çagalary Eýran-Yslam Respublikasynyň Ispihan şäherinde geçirilen 3-nji halkara çagalaryň surat çekmek bäsleşiginde baýrakly orunlara mynasyp bolup döwlet baýdagymyzy belentde pasyrdatdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly–bilimli bolmagy ugrunda atalyk aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.