logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar nesiller–aýdyň geljegimiz

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Bagtyýar nesiller–aýdyň geljegimiz” ady bilen kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede ýaş nesilleriň tomusky dynç alyş möwsüminiň şatlyk-şowhuna, täsirli pursatlara beslenmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, çagalaryň köptaraply ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda hem möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilýändigi barada aýtdylar. Çagalary milli ruhda terbiýelemek we olaryň aňynda sadalyk, päklik, hoşniýetlilik duýgularyny oýarmakda kitaplaryň ornunyň uludygy, olaryň terbiýesiniň kemala gelmeginde ertekileriň, tapmaçalaryň, nakyllaryň, atalar sözleriniň, rowaýatlaryň aýratyn ähmiýetiniň bardygy hem-de näçe köp kitap okasalar, dünýägaraýşynyň giňelýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda gurnalan kitap sergisi ýaş nesillerde kitap okamaklyga bolan söýgüni artdyrdy.

Çäräniň ahyrynda çagalaryň şatlygy hem-de bagtyýarlygy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.