logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«BAGTYÝAR ÜLKÄME TÄZE ÝYL GELDI» ATLY GYŞ ERTEKISI BOÝUNÇA ÇEPER OKAÝYŞ

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmenleri. Aşgabat säherindäki 12-nji çagalar bagynda «Bagtyýar ülkäme täze ýyl geldi» atly gyş ertekisi boýunça çeper okaýyş geçirildi. Geçirilen çärede çagalar bagyň müdiri, toparyň terbiýeçileri şeýle gürrüň berdiler.

Täze ýyl-ýurdymyzyň ähli çagalarynyň iň gowy görýän baýramynyň biri. Biz hem cagalar bagynda terbiýeleýän çagalarymyz üçin ýatdan çykmajak täsirli, şowhunly baýramçylyk dabarasyny ginden geçirmäge çagalaryn satly gyna satlyk goşmaga elimizden gelýän ähli mümkinçilikleri edýäris.

Dürli jäjekler bilen bezelen arça agajynyň ýanynda körpeje balalar özleriniň arzuwlaryny, işleýän zatlaryny akja kagyzyň üstüne surat çekip goýýarlar. Şadyýan körpeler Watanymyzy, hormatly Prezidentimizi wasp edýän birnäçe goşgudyr aýdymlary uly höwes bilen aýtdylar.

Çäräniň ahyrynda gün-günden gülleýän, ösýän ýurdumyzda çagalaryň arzuwlarynyň hasyl bolýan ýurdunda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.