logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky halkara Nebit we gaz uniwersiteti bilen bilelikde Şanly Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp “Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de beýik geljegiň binýady”-ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasynyň çäginde Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Garaşsyzlyk-Berkararlyk täjimiz” ady bilen kitap sergisi hem gurnaldy. Baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Ýurdumyzda bellenip geçilýän Şanly Garaşsyzlygyň 35 ýylynda ýetilen sepgitleri we gazanan üstünlikleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Dabaramyza talyp ýaşlar hem gatnaşdylar. Olar hem öz çykyşlarynda Garaşsyzlygymyzyň Şanly 35–ýyllygynda ýurdymyzyň gazanan üstünlikleri barda öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Baýramçylyk dabarasynda gurnalan sergide Garaşsyzlyk ýyllarynda ýetilen sepgitler we ýurdymyzyň ösüşlerini wasp edýän kitaplar ýerleşdirildi. Şeýle-de Şanly Garaşsyzlygyň 35-ýyllygyna bagyşlanyp gurnalan sergi gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.