logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

BAGTYÝAR ÝURDUMYZA - NOWRUZ GELDI ÝAZ GELDI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin medeniýet öýüniň bilelikde guramagynda Milli bahar baýramy mynasybetli «Bagtyýar ýurdumyza - Nowruz geldi ýaz geldi» ady bilen Aşgabat söwda we dynç alyş merkezinde söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde toýdur-baýramlara beslenen ajaýyp Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli däp-dessurlarymyz, toý-baýramlarymyz giňden bellenilýändigi hakynda gürrüň berdiler. Şeýle ajaýyp baýramlaryň biri Nowruz baýramy bolup, bu baýram diňe bir bahar baýramynyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygynyň hem buşlukçysydygy barada beýan etdiler hem-de bu baýram mynasybetli türkmen halky dürli tagamlardan taýýarlap, birek-biregi hoş sözler bilen gutlaýandyklary barada beýan etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.