logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

BAGTYÝAR ZAMANANYŇ – BAGTLY ÇAGALARY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Demirýolçy» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Bagtyýar zamananyň – bagtly çagalary» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gökderäniň goýnunda bagtyýar körpeleriň oňat dynç almagy üçin birnäçe ak mermerli, owadan çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri hereket edýändigini, bu ýerde dynç alýan bagtyýar çagalar dag gözelliklerine gezelenç etmek, säheriň ajaýyp howasynda dürli hili oýunlary oýnamak we wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen halk ertekilerinden birnäçe gyzykly ertekilerden okap berdiler. Çäräniň dowamynda körpeje nesilleriň ýerine ýetirmeklerinde birnäçe aýdym-sazlar, tanslar ýerine ýetirildi.

Çäräniň ahyrynda her bir günümizi şatlyga bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.