logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Bagtyýar zamananyň bagtyýar balalary

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bagynyň bilelikde guramagynda “Bagtyýar zamananyň bagtyýar balalary” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde taryhyň ähli döwürlerinde halkymyz kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Türkmenler tarapyndan gurlan kitaphanalar öz döwründe dünýä alymlary üçin arzyly mekan bolupdyr. Kitap okamak diňe bir uly adamlar üçin däl, eýsem, çagalar üçinem örän möhümdir. Kiçilikden kitap okamagy endik edinmek adama örän köp peýda getirýär. Bilermenleriň bellemegine görä, çagalar üçin niýetlenen edebiýatda duş gelýän seýrek ulanylýan sözleriň möçberi uly adamlaryň gündelik gepleşikde peýdalanýan jümlelerinden 50 göterim köpdür. Şonuň üçinem çagalara kiçiliginden kitap okap bermek, olaryň söz baýlygynyň artmagyna uly goşant goşýar. Şeýle hem çagalaryň köp sözleri gepleşik arkaly däl-de, hut kitaplardaky ertekileriň ýa-da multifilmleriň üsti bilen öwrenýändikleri barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda bagtyýar körpeler özleriniň öwrenen ajaýyp goşgularyny aýdyp berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz Diýarymyzda körpe nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýdyldy.