Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda “Altyn damja” atly çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Bagtyýar zamananyň bagtyýar nesilleri” atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Tomus pasly çagalaryň söýgüli pasyllarynyň biridir. Çünki mekdep okuwçylary bu pasylda okuw ýylyny tamamlap, dynç alyş möwsümine gadam basýarlar. Bu döwürde çagalar wagtlaryny sapaly hem peýdaly geçirmek üçin dynç alyş merkezlerinde dynç alýarlar. Gökderäniň saýaly we pürli agaçlarynyň tokaýlygynda, dag çeşmesiniň kenarynda ýerleşýän döwrebap çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleri mekdep okuwçylary üçin gapylaryny giňden açdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtlaryny şadyýan hem-de şowhunly geçirmegi üçin ähli şertler döredildi. Çagalaryň zehin başarnyklaryny görkezmek maksady bilen birnäçe gurnaklar hem işleýär. Ondan başgada çagalaryň sagdyn bedenli ýaşlar bolmagy üçin sportuň birnäçe görnüşlerinde türgenleşmäge mümkinçilikler döredilen ýagny çagalar bu ýerde wagtlaryny gaty gyzykly ýagdaýda geçirýärler. Olar dynç alyş merkezinde ýerleşýän kitaphanada hem özleriniň gyzyklanýan temalary boýunça dürli kitaplary hem okaýarlar. Şeýle-de dynç alyş merkezinde birnäçe bäsleşikler gurnalyp çagalara höweslendiriji baýraklar hem berilýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň kitaphanaçylary bolup bu ýerde dynç alýan çagalara öz kitaplarymyz bilen kitap sergilerimizi gurnap olaryň gyzyklanýan ertekilerini okap berip çagalaryň kitaba bolan söýgüsini artdyrýarys. Bize şeýle ajaýyp durmuşda ýaşamaga, döretmäne şeýle mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.