Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, «Arkadag» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň 9-njy çagalar bakja bagynda «Bagtyýar zamanyň, bagtly nesilleri» atly ertirlik geçirildi.
Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olaryň düşünjelerini ösdürmek terbiýe meselesinde esasy işleriň biridir. Munuň üçin olara çagalar bagynda, maşgalada kämil terbiýe berilýär, çünki irki döwürlerde berlen terbiýe çaganyň aňynda berk ornaşýar. Halk döredijiligimiz çaga durmuşynda esasy orun bolup biler. Onda çaga oýunlary bilen baglanyşykly görnüşleriniň biri ertekiler we sanawaçlardyr. Ertekiler çaganyň diňe bir sözleýşini baýlaşdyrman, eýsem, kämil düşünjäni hem kemala getirýär. Esasan hem ertekilerdäki gahrymanlar, olaryň ýagşylyklary körpede oňat häsiýetleriň döremegine täsir edýär.
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hünärmenleri türkmen halk döredijiligi bolan türkmen halk ertekilerini okamaklygyň hem özboluşly täsiriniň bardygyny çagalara gürrüň berdiler. «Akpamyk», «Ejekejan», «Ýartygulak», «Hudaýberdi gorkak» ýaly birnäçe ertekileri okap berdiler. Ol ertekileriň gahrymanlarynyň häsiýetleri barada sorag-jogap alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.